3-nji aprelda
geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde wise-premýer, Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň sekretary Ç.Amanow ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysynyň beren tabşyryklaryny, hususan-da, ýurdumyz boýunça
jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlaryny döretmek barada
beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça bellenilen meýilnamalar barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, kanunylygyň we hukuk
tertibiniň üpjün edilmeginiň jemgyýetçilik durnuklylygyň möhüm şertidigini
belledi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz paýtagtymyzyň hem-de
welaýatlaryň has gür ilatly etraplarynda jemgyýetçilik tertibine kömek berýän
gözegçilik nokatlaryny guramagy tabşyrdy. Olar jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň berjaý
edilişine gözegçilik ederler.
Jemgyýetçilik tertibine kömek berýän gözegçilik nokatlarynda polisiýanyň ýerli wekilleri, Içeri işler ministrliginiň jemgyýetçilik tertibini we ýol gözegçiligini üpjün etmek baradaky gullugynyň wekilleri gije-gündizleýin nobatçylygy amala aşyrmalydyrlar.