Şahyryň
bu setirleri serkerdelik ýoluna gadam basýan uçurymlar barada aýdylan ýaly. Şunuň
bilen baglylykda, paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Konstitusiýa
binasynyň öňündäki meýdançada ýurdumyzyň Harby akademiýasynyň hem-de harby we
hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryny goýberliş
dabarasy geçirildi. Ykbalyny Watan goragy bilen baglan harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlary ilkinji serkerdelik ýoluna
gadam basdylar. Dabaranyň başynda hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýurdumyzyň
harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň uçurymlaryna,
serkerdelerine, professor-mugallymlaryna iberen Gutlagy okaldy.
Uçurym bolan
harby talyplar dabara meýdançasynda eline Watan goragçysynyň şahsyýetnamasyny,
«leýtenant» harby ady bilen birlikde, jogapkärli hem mukaddes borç alyp, ak
ýola rowana boldular. Ýaş serkerdeler ata Watanymyza, mähriban halkymyza,
hormatly Belent Serkerdebaşymyza ak ýürekden gulluk etjekdikleri barada kasam
etdiler.
Dabara
gatnaşyjylar Harby akademiýany we ýokary harby okuw mekdeplerini üstünlikli
tamamlanlary tüýs ýürekden gutladylar. Olara bagtyýar durmuş, mukaddes we
jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdiler.
«Milli goşun».