Düýn – 20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
tabşyrygy boýunça Daşary işler ministrliginde Birleşen Milletler Guramasynyň
Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada
Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi. Oňa Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň käbir orunbasarlary, ýurdumyzyň ugurdaş ministrlikleriniň hem-de
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin
habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde Birleşen
Milletler Guramasynyň bu ýöriteleşdirilen edarasynyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk
meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy, 2024-2025-nji ýyllarda
hyzmatdaşlygyň meýilnamasy, hususan-da, milli gymmatlyklarymyzy Adamzadyň maddy
däl medeni mirasynyň abraýly sanawyna girizmek boýunça ýurdumyzyň öňe sürýän
teklipleri bilen baglanyşykly wezipeler kesgitlenildi.
Türkmenistanyň
Prezidentiniň tabşyryklaryna laýyklykda, ÝUNESKO-nyň işleri baradaky
Türkmenistanyň milli toparynyň geçen ýylda alyp baran işleriniň jemleri, şeýle
hem 2024-nji ýylyň meýilnamasynda bellenilen wezipeler baradaky maglumatlar
diňlenildi.
2024-nji ýylyň «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi bilen baglylykda, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan birnäçe dabaralary geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisiniň dowamynda bu guramanyň iri düzüm birliklerinde ýurdumyzyň ornuny pugtalandyrmak, halkara ylmy gatnaşyklary giňeltmek, sanly taslamalarda hem-de maglumatlary alyşmakda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ýaly möhüm wezipelere garaldy, şeýle hem guramaçylyk we beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.