Şenbe güni – 27-nji iýulda Daşary işler ministrliginde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň mejlisi geçirildi.
Mejlisiň gün tertibine toparyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işlerini, «Beýik Ýüpek ýoly: Zerewşan – Garagum geçelgesi» atly köptaraplaýyn hödürnamanyň çäklerinde Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen Amul we Akjagala ýadygärliklerini gorap saklamak, konserwirlemek boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak, ýazuw ýadygärliklerini ýüze çykarmak, düýpli öwrenmek, ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizmek babatda öňde durýan wezipeler hem-de beýleki meseleler girizildi.
Mejlisde toparyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen, birnäçe teklipler hödürlenildi. Mundan başga-da, beýleki meseleler boýunça hem çykyş edilip, birnäçe teklipler diňlenildi.