milli goshun logo
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy
Ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy
18.04.2024 552 Habarlar

Düýn – 17-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen – Mary böleginiň açylyş dabarasy boldy.

Uzynlygy 600 kilometre deň bolan Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygyna 2019-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda badalga berildi. Onuň gurluşygy Aşgabat – Tejen (203 kilometr), Tejen – Mary (109 kilometr), Mary – Türkmenabat (288 kilometr) ugurlary boýunça üç tapgyrda amala aşyrylýar.

Aşgabat – Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň gurluşygy Türkmenistandaky iň iri ulag taslamalarynyň biridir. Onuň durmuşa geçirilmegi üstaşyr awtomobil gatnawlarynyň Aziýa – Ýuwaş umman sebitine çenli uzalyp gidýän awtoýollaryň köpşahaly ulgamyna çalt çykmagyny üpjün eder. Şunlukda, ýakyn geljekde Türkmenistanda uzak aralyga ýükleriň çalt we arzan daşalmagyna mümkinçilik berjek täze ýokary tizlikli awtomobil ýoly peýda bolar.