Şu gün paýtagtymyzdaky Konstitusiýa binasynyň öňündäki
meýdançada Türkmenistanyň Harby akademiýasynyň diňleýjileriniň, Goranmak
ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň, Serhet
institutynyň, Milli howpsuzlyk institutynyň we Içeri işler ministrliginiň
institutynyň, şeýle hem Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet
lukmançylyk uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň uçurymlarynyň
gutardyş dabarasy boldy. Dabarada hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şanly waka
mynasybetli iberen Gutlagyndaky: «Milli gymmatlyklarymyzy, raýatlarymyzyň asuda
we bagtyýar durmuşyny, döredijilikli zähmetini goramagy, türkmen jemgyýetinde
kanunylygy, hukuk tertibini mundan beýläk-de pugtalandyrmagy mukaddes borç
hasaplamalysyňyz» diýen sözleri geljekki serkerdeleriň kalbyna uly
ruhubelentlik bolup ornaşdy.
Dabaranyň ahyrynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Dabara mynasybetli düşürilen täsirli pursatlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!