milli goshun logo
Yhlasly zenan harby gullukçylarymyz dabaraly harby ýörişde
Yhlasly zenan harby gullukçylarymyz dabaraly harby ýörişde
27.09.2019 4304 Harby özgertmeler

Her ýyl Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli geçirilýän dabaraly harby ýörişe eziz Watanymyzyň parahatçylygyny we asudalygyny goramakda öz mynasyp goşandyny goşýan zenan harby gullukçylaryň batalýony hem gatnaşýar. Maýor Nabat Nurgeldiýewa soňky bäş ýylyň dowamynda şol batalýonyň serkerdesi bolup gelýär. Onuň harby lybasynda birnäçe harby ýörişlere gatnaşanlygyny alamatlandyrýan medallar ýalpyldap dur.

– Men Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän harby ýörişlere 2003-nji ýyldan bäri yzygiderli gatnaşyp gelýärin. Şeýlelik bilen, yzygiderli 16 ýylyň içinde geçirilen harby ýörişiň ýekejesini hem sypdyrmadym. Her gezek ýurdumyzyň baş meýdanyna çykanymda, meni eziz Watanymyza bolan buýsanç duýgulary gurşap alýar. Meniň üçin edermen halkymyzyň jebisligini alamatlandyrýan ägirt uly çäräniň bir bölegi bolmak ullakan derejedir – diýip, maýor N.Nurgeldiýewa biziň habarçymyza gürrüň berdi.

Yhlasly zenan harby gullukçylarymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 28 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly harby ýörişiň hakyky bezegine öwrüldiler. Olaryň arasynda kapitan harby adyna eýe bolan Şirin we Aknabat Weligurbanowalar hem bar. Olar biziň ýurdumyzda geçirilýän dabaraly harby ýörişleriň taryhynda ilkinji gezek iki zenan dogan hökmünde gatnaşdylar. Köp ýyllaryň dowamynda olar dabaraly harby ýörişe aýratynlykda gatnaşdylar, şu ýyl bolsa ykbal olary bir batalýonyň hatarlarynda birleşdirdi.

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».