Şu gün —
24-nji iýunda, Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli
Russiýa Federasiýasynyň paýtagtynda dabaralaryň geçirilýän pursadynda biz
ýene-de parahatçylygy hem-de azatlygy goran ata-babalarymyzyň edermenligini
ýatlaýarys. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna
laýyklykda, şol dabaralara Türkmenistanyň wekiliýeti hem gatnaşýar.
Bu
edermenligi näme bilen ölçäp bolar? Şu pursatlarda aldym-berdimli we
gandöküşikli söweşlerde şirin janyny gurban eden millionlarça adamyň
edermenligi, atasyz galan çagalaryň ykbaly, özleriniň ogullaryndan jyda düşen
eneleriň gözýaşy ýadyňa düşýär.
Hakykatda,
bu edermenlik biziň hakydamyz bilen ölçenilýär. Ine, indi 75 ýyldan bäri bu
hakyda ýaş nesilleriň we frontçularyň nesliniň, esgerleriň we tylda zähmet
çekenleriň arasynda özara arabaglanyşygyň binýady bolup hyzmat edýär.
Ençeme
ýyllar geçse-de, näçe hoşallyk sözleri aýdylsa-da, ýaşlar hemişe agyr
söweşlerde Beýik Ýeňşi gazanan, eziz Watany, ýakynlary üçin şirin janyndan
geçen gerçekleriň öňünde hemişe bergili bolup galýar.
Hawa,
biziň ýaşlarymyza ata-babalarymyzyň gaýduwsyzlygy we edermenligi görelde
alarlykdyr. Ata Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran gerçeklerimiziň
şan-şöhraty, gahrymançylygy halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.
Türkmen esgerleri meşhur Brest galasyny, Moskwany mertlerçe goramakda
edermenlik görkezdiler, Kiýew, Smolensk, Leningrad, Stalingrad we beýleki
şäherleriň eteginde bolan gazaply söweşlere gatnaşdylar.
Beýik
Watançylyk urşunyň ähli frontlarynda biziň ildeşlerimiziň müňlerçesi
deňsiz-taýsyz edermenlik, harby borja, eziz Watanymyza wepalylyk görkezdiler.
Olaryň
hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň atasy Berdimuhamet
Annaýew hem bar. Onuň durmuş ýoly häzirki döwürde türkmen ýaşlary üçin hakyky
watançylygyň, edermenligiň we gaýduwsyzlygyň ajaýyp nusgasy bolup hyzmat edýär.
Häzirki
wagtda ýurdumyzyň her bir şäherinde şol söweşlerde wepat bolan türkmen
esgerleriniň hatyrasyna dikeldilen ýadygärlikler bar, ýöne, döwlet
Baştutanymyzyň işjeň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilik syýasaty ildeşlerimiziň
deňsiz-taýsyz edermenliginiň esasy mizemez ýadygärligi bolup durýar.
Milli
Liderimiziň BMG-niň we beýleki abraýly forumlaryň belent münberinden öňe sürýän
möhüm ähmiýetli halkara başlangyçlary hem parahatçylygy we ählumumy howpsuzlygy
pugtalandyrmaga gönükdirilendir. Şöhratly ata-babalarymyzyň belent
ynsanperwerlik däplerine esaslanýan bu syýasat anyk işlerde öz beýanyny tapyp,
Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da belende galdyrýar hem-de mähriban
halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň kepili bolup durýar.
Şeýlelikde,
mähriban topragymyzda abadan we parahat durmuş üçin minnetdar nesilleriň
arasyndaky arabaglanyşyk ýylsaýyn has-da berkeýär. Bu arabaglanyşygyň dowam
etmegi bilen, öz Watanyny, şäherini, obasyny, öýüni, maşgalasyny, ýakynlaryny goran
gahrymanlarymyzyň şan-şöhraty ebedilik ýaşar. Sebäbi, hakyda –bu geçmişden
geljege barýan ýoldur...
Hormatly
Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň goşgusy hem «uruşdan gaýdyp gelmedik
esgerleriň ýadygärligine» bagyşlanýar.
Goşgynyň golýazmasyny «Multimediýa» bölümimizde
görüp bilersiňiz!