Şu gün – 27-nji dekabrda paýtagtymyzdaky
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyna
bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahat we sergi öz işine başlady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň sergi zalynda ýaýbaňlandyrylan bu forumda Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýylynda ylymda, bilimde, medeniýetde, sungatda, oýlap tapyşda, sportda
we bedenterbiýede, ykdysadyýetde, innowasion tehnologiýalar ulgamynda, oba
hojalygynda türkmen ýaşlarynyň zehini, ukyp-başarnygy bilen ýetilen ajaýyp üstünliklerimiz
giňden şöhlelendirilipdir. Halkara sergä aýlanyp göreniňde, ýaşlaryň yhlasy,
ylhamy siňen şeýle ýeňişlerimizi buýsanç bilen synlamak bolýar.
Hawa, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar
ýylynyň her bir pursadynda halk hojalygynyň ähli ulgamlaryna ösüş-özgerişler
ýaran boldy. Şu ýylyň dowamynda ylym-bilim ulgamynda çap edilen okuw
kitaplaryny, çeper eserleri, gollanmalary, talyp ýaşlaryňdyr mekdep
okuwçylarynyň halkara derejesinde geçirilen ders bäsleşiklerinde gazanan
ýeňişlerini, sportda äleminde türkmen ýaşlarynyň mynasyp bolan orunlaryny, öz
ýurdumyzda öndürilen milli öwüşginli sport egin-eşiklerini, umuman alanyňda,
ähli pudaklarda ýaşlar ýylynyň rowaç gadamlaryny özünde jemleýän sergi meýdançalary
hem, munuň şeýledigini aýdyň görkezýär. Bu ýerde ýurdumyzyň harby we hukuk
goraýjy edaralaryna degişli sergi meýdançasynda Gahryman Arkadagymyzyň,
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Türkmenistanyň Ýaragly
Güýçleriniň maddy enjamlaýyn binýadynyň kuwwaty, ata Watanymyzyň asudalygy,
eziz Diýarymyzyň hukuk esasy dabaralandyrylýan işler açylyp görkezilýär.
Sergi öz işini dowam edýär.
Bular barada multimedia bölüminden degişli suratlary synlap bilersiňiz!