Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine
2025-2026-njy okuw ýylyna okuwa kabul etmegiň
TERTIBI
1. Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine okuwa kabul etmek
Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerinde okamaga isleg bildiren, 2025-nji ýylda
Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny
doldurýan, sagdyn pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň
arasynda geçirilýär.
2. Ýöriteleşdirilen harby mekdepleriň
okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we harby terbiýeçilik
sapaklary, gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik tabşyrykda gullugy
alyp barmaklary, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan başlangyç harby
taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.
3. Ýöriteleşdirilen harby mekdepde
okamaga isleg bildiren okuwçylar 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli ýaşaýan ýerleri
boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar.
Arzanyň ýanyna şu resminamalar
goşulýar:
1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny
tutýan adamlaryň oglunyň Ýöriteleşdirilen harby mekdeplere okuwa kabul edilmegi
baradaky harby wekiliň adyna ýazan arzasy (eger ata-enesi ýa-da olaryň ornuny
tutýan adamlary Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk ýagdaýlarynda
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan berlen
maglumat haty);
2) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny
tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamasynyň nusgasy;
3) bellenen nusgada doldurylan we
harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal;
4) dogluş hakynda şahadatnamasynyň
«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda
tassyklanan nusgasy;
5) okaýan orta mekdebiniň 8-nji
synpyndaky ýetişigi barada resminama (1,2,3 çärýeklerinden göçürme);
6) 6 sany 3х4, 4 sany 4х6, 2 sany 9х12
ölçegde ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan surat;
7) okaýan orta mekdebinden
häsiýetnama;
8) okaýan orta mekdebindäki şahsy
işiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanylan nusgasy;
9) Ýöriteleşdirilen harby mekdepde
okamaga saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyna kepil geçilen lukmançylyk güwä
geçmesiniň kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça inçekesel we deri-wenerologiýa
hassahanalaryndan hem-de neşekeşligiň, arakhorlygyň we ruhy keselleriň öňüni
alyş merkezlerinden degişli kepilnama) hem-de saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyny
kesgitleýän dalaşgäriň ýaşaýan ýeri boýunça lukmanlar toparynyň barlagyndan
geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
10) keselleriň öňüni alyş
sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň)
göçürmesi;
11) ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy
barada kepilnama;
12) eger dalaşgäriň ata-enesiniň
aradan çykany bar bolsa, onda ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň «Administratiw
önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda tassyklanan nusgasy.
4. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerde
okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta mekdepleriniň 8-nji
synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäklerinde dersler boýunça test ýumuşlaryny
ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersinden diktant kabul edilýär. Giriş
synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
5. Ýöriteleşdirilen harby mekdeplerine
okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby eginbaşlar
we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýärler. Olara günde dört wagtyna nahar
berilýär.
Kabul ediş topary.
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine
2025-2026-njy
okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň
TERTIBI
1. Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul etmek bu
mekdepde okamaga isleg bildiren, 2025-nji ýylda Türkmenistanyň orta
mekdepleriniň 8-nji synpyny tamamlan ýylynda 14-15 ýaşyny doldurýan, sagdyn
pikirli, beden taýdan sagdyn ýetginjek erkek raýatlaryň arasynda geçirilýär.
2. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz
mekdebiniň okuwynyň möhleti 4 okuw ýyly. Olarda okuwçylaryň okuw we
harby-terbiýeçilik sapaklary gün tertibi, sapakdan daşary işleri, gündelik
tabşyrykda gullugy alyp barmagy, şeýle hem beden taýýarlygy we çuňlaşdyrylan
başlangyç harby taýýarlygy bilen baglanyşdyrylyp alnyp barylýar.
3. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz
mekdebinde okamaga isleg bildiren okuwçylar 2025-nji ýylyň 1-nji maýyna çenli
ýaşaýan ýerleri boýunça harby wekiliň adyna arza ýazýarlar.
Arzanyň ýanyna şu resminamalar
goşulýar:
1) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny
tutýan adamlaryň oglunyň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine okuwa kabul
edilmegi baradaharby wekiliň adyna ýazan arzasy (eger ata-enesi ýa-da olaryň
ornuny tutýan adamlaryň Türkmenistanyň çäginde wagtlaýyn bolmadyk
ýagdaýlarynda, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň ýerli edaralary tarapyndan
berlen maglumat haty);
2) ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny
tutýan adamlaryň şahsyýetini tassyklaýan resminamanyň nusgasy;
3) bellenen nusgada doldurylan we
harby wekillik tarapyndan tassyklanan sowalnama we terjimehal;
4) dogluş hakynda şahadatnamasynyň
«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda
tassyklanan nusgasy;
5) okaýan orta mekdebiniň 8-nji
synpyndaky ýetişigi barada resminama (1-nji, 2-nji, 3-nji çärýeklerinden
göçürme);
6) 6 sany 3x4, 4 sany 4x6, 2 sany 9x12
ölçegdäki, ýerli harby wekillik tarapyndan tassyklanan fotosurat;
7) okaýan orta mekdebinden häsiýetnama;
8) okaýan orta mekdebindäki şahsy
işiniň mekdep müdiriniň möhüri bilen tassyklanan nusgasy;
9) Ýöriteleşdirilen harby-deňiz
mekdebinde okamaga saglyk ýagdaýynyň ýaramlydygyna kepil geçilen lukmançylyk
güwä geçmesiniň kartasy (ýazgyda duran ýeri boýunça inçekesel we
deri-wenerologik hassahanalardan hem-de neşekeşligiň, arakhorlugyň we ruhy
keselleriň öňüni alyş merkezlerinden degişli kepilnama) hem-de saglyk
ýagdaýynyň ýaramlydygyny kesgitleýän dalaşgäriň ýaşaýan ýeri boýunça lukmanlar toparynyň
barlagyndan geçirilendigi baradaky kepilnamasy;
10) keselleriň öňüni alyş
sanjymlarynyň kartasynyň (№063/h görnüşli saglygy goraýyş resminamasynyň)
göçürmesi;
11) ýaşaýan ýeri we maşgala ýagdaýy
barada kepilnama;
12) eger dalaşgäriň ata-enesiniň
haýsy-da bolsa biri aradan çykan bolsa, onuň ölüm hakyndaky şahadatnamasynyň
«Administratiw önümçilik hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda
tassyklanan nusgasy.
4. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz
mekdebinde okamaga isleg bildiren dalaşgärlerden Türkmenistanyň orta
mekdepleriniň 8-nji synpyna çenli okuw maksatnamasynyň çäklerinde dersler
boýunça test ýumuşlaryny ýerine ýetirmek hem-de türkmen dili dersinden diktant
kabul edilýär. Giriş synaglary türkmen dilinde geçirilýär.
5. Ýöriteleşdirilen harby-deňiz
mekdebine okuwa kabul edilen okuwçylar umumy ýaşaýyş jaýy (ýatakhana), harby
eginbaşlar we okuw serişdeleri bilen üpjün edilýär. Olara günde dört wagtyna
nahar berilýär.
Kabul
ediş topary.