milli goshun logo
Ýaş nesil barada alada
Ýaş nesil barada alada
03.05.2022 1740 Okuw kurslary

Ýakynda ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde umumybilim edaralarynyň «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» dersini okadýan mugallymlary bilen «Raýat goranyşyna we adatdan daşary ýagdaýlarda hereket etmäge taýýarlyk sapaklaryny geçirmekde toplanan tejribeleri paýlaşmak» atly okuw maslahaty geçirildi.

 Bu çärä Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň  welaýat we Aşgabat şäher raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirlikleriniň, Gyzyl Ýarymaý Milli Jemgyýetiniň, Döwlet migrasiýa gullugynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Içeri işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň ýerli edaralarynyň degişli wekilleri gatnaşdy.

Okuw maslahatynyň dowamynda bellenilişi ýaly, umumybilim berýän mekdeplerde «Ýaşaýyş-durmuş esaslary» dersiniň geçilmegi mekdep okuwçylarynyň raýat goranyşa we dürli görnüşli adatdan daşary ýagdaýlara taýýarlyk endiklerini, başarnyklaryny ösdürmekden, olaryň raýat goranyşy we adatdan daşary ýagdaýlar boýunça bilimlerini artdyrmakdan, ýaş nesillerde mertlik, edermenlik, gaýduwsyzlyk, ynsanperwerlik ýaly ahlak sypatlaryny kemala getirmekden ybaratdyr.

«Raýat goranyşy».