Ylymlar
güni mynasybetli Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde
ýurdumyzda ýaşlaryň arasynda ylmy işler boýunça yglan edilen bäsleşigiň
ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Her ýylda Türkmenistanyň Ylymlar
akademiýasy we Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilelikde
guramagynda geçirilýän bu bäsleşige ýurdumyzyň ylmy-barlag institutlarynyň,
pudaklaýyn edaralaryň we önümçilik birleşikleriniň işgärleri, ýokary okuw
mekdepleriniň mugallymlarydyr talyplary, orta hünär okuw mekdepleriniň
okuwçylary şeýle-de ylmy işe höwesli dürli hünärdäki ýaşlar gatnaşýarlar.
Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň Goranmak ministrligine degişli ýaş harby
gullukçylaryň hem gatnaşyp ýeňiji bolmagy Watanymyzyň asudalygyny goraýan milli
goşunymyzyň ähli gerçeklerini buýsandyrdy.
Ýeri
gelende bellesek, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew
adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň çagyryş boýunça harby
gullukçysy Allamyrat Amanmädow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik
Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby
Sanjar Joýtyýew hem-de şol ýokary okuw mekdebiň 3-nji ýyl harby talyby Mekan
Ataballyýew, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň harby lukmançylyk fakultetiniň 6-njy ýyl talyby Hangeldi
Rozyýew bäsleşigiň ýeňijileri boldular.
Milli goşun.