milli goshun logo
XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady
XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady
15.12.2023 644 Habarlar

Düýn – 14-nji dekabrda Türkmenistanyň Saglygy soraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan sanly ulgam arkaly guralýan iki günlük XI Türkmen-german lukmançylyk forumy öz işine başlady. Şu gezekki ikitaraplaýyn duşuşyga sanly ulgam arkaly GFR-iň öňdebaryjy klinikalarynyň professorlary we lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymlary, paýtagtymyzyň ylmy-kliniki merkezleriniň, welaýat saglygy goraýyş edaralarynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri gatnaşdylar.

Duşuşykda dürli keselleriň öňüni almak, olary irki döwürlerde anyklamak we bejermek, gaýragoýulmasyz kömek, onkologiýa, trawmatologiýa, ortopediýa ýaly möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

German professorlary köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmegi we giňeltmegi maksat edinýändiklerini tassyklap, türkmen kärdeşleri bilen tejribelerini, täze ylmy işläp taýýarlamalaryny paýlaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler. Munuň özi ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagy, innowasion ösüş ýoluna düşmegi bilen baglylykda aýratyn ähmiýete eýedir.