milli goshun logo
Welosipedli ýöriş – sagdynlygyň kepili
Welosipedli ýöriş – sagdynlygyň kepili
26.10.2020 2393 Sport

    Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýokary okuw mekdepleriniň harby talyplarynyň gatnaşmagynda guralan köpçülikleýin welosipedli ýöriş hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk baýramçylygy mynasybetli geçirilýän sport çäreleriniň naýbaşysyna öwrüldi. Harby talyplar ýokary ruhubelentlik, ajaýyp sazlaşyk bilen welosipedli ýöriş geçirdiler.

    Welosiped ekologiýa taýdan arassa ulagyň nyşany bolmak bilen, daşky gurşaw üçin zyýansyzdyr. Bilermenleriň aýtmaklaryna görä, welosipediň köpçülikleýin ulanylmagy «ýaşyl ykdysadyýete» geçmegiň möhüm şertidir. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň nygtaýşy ýaly, sport bilen, şol sanda welosiped sporty bilen yzygiderli meşgullanmak adamyň saglygyny berkidip, onuň işe ukyplylygyny artdyrýar.

Welosiped sporty hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň taýsyz tagallalary bilen bagtyýarlyk döwründe täze bir belent derejä göterildi. Her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününi bellemek, şol gün welosipedli ýörişleri geçirmek däbe öwrüldi. Bu asylly başlangyçlardan ruhlanýan harby gullukçylarymyzyň her biri welosport muşdaklarydyr. Harby institutynyň sport meýdançasyna bezeg beren belent ruhly, kalby Watan söýgüsinden püre-pür welosipedli harby talyplary synlanyňda, şeýle hakykat hakydaňa dolýar.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».