milli goshun logo
Welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy
Welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy
23.10.2022 541 Habarlar

22-nji oktýabrda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklygynda ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny has-da kämilleşdirmek, welaýatlaryň etraplarynyň, şäherleriniň we obalarynyň dolandyryş-çäk birliklerine gaýtadan seretmek meselelerine bagyşlanan mejlis geçirildi. Onuň dowamynda welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri durmuşa geçirmegiň wajyp meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy, bu ugurda öňde durýan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmagyň anyk ugurlary kesgitlenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, syýasy partiýalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň, welaýatlaryň häkimleriniň bilim, medeniýet, saglygy goraýyş we sport boýunça orunbasarlarynyň, welaýat häkimlikleriniň jogapkär hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen mejlisde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň wekilleriniň, häkimleriň hem-de käbir ministrleriň çykyşlary we teklipleri diňlenildi.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy mejlisiň gün tertibini yglan edip, welaýatlaryň dolandyryş-çäk gurluşyny täze döwrüň ruhuna laýyklykda kämilleşdirip, geljek üçin möhüm wezipeleri kesgitlemek maksady bilen, hödürlenen teklipleri göz öňünde tutup, bu babatda degişli işleri geçirmegiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Umuman, mejlisde öňe sürlen tekliplere esaslanyp, welaýatlaryň durnukly ösüşi üçin dolandyryş-çäk gurluşyny kämilleşdirmek bilen, ýurdumyzda bar bolan serişdelerden we mümkinçiliklerden has doly peýdalanmagyň üpjün ediljekdigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz Döwlet býujetiniň serişdeleriniň meýilnamalaýyn we maksadalaýyk peýdalanylyşyna döwrebap gözegçiligiň amala aşyryljakdygyna ünsi çekdi. Ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ýokary depginleri welaýatlaryň önümçilik güýçleriniň hemmetaraplaýyn ösmegini hem-de senagatlaşma derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün eder. Uly häzirki zaman kärhanalarynyň giň möçberde döredilmegine ýardam berer. Sebitleriň milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga goşýan goşandyny artdyrar.