27-nji sentýabrda agşam “Aşgabat” aýdym-saz merkezinde Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Çykyşlara sahna ýyldyzlary, ýaş hem-de ussat estrada aýdymçylary, halk döredijilik we tans toparlary, Döwlet hory, “Altyn asyr” orkestri, çagalar döredijilik toparlary gutnaşdylar.
Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly, 29 ýyllygy mynasybetli dürli öwüşginli feýerwerkler asmany bezedi. Asmanda gümmürdän köp öwüşginli feýerwerkler ýurdumyzda dowam edýän dabaralaryň ajaýyp jemlenmesine öwrüldi.