milli goshun logo
Watansöýüjilik we edermenlik mekdebi: «Milli goşun» žurnalynda gahrymanlaryň edermenligine baky hormat
Watansöýüjilik we edermenlik mekdebi: «Milli goşun» žurnalynda gahrymanlaryň edermenligine baky hormat
10.07.2020 1494 Habarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Milli goşun» žurnalynyň şu ýyldaky ikinji sany çapdan çykdy.

Jemgyýetçilik-syýasy, harby-taryhy we ylmy-usulyýet neşiri ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmegi hem-de Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy we ýolbaşçylygy esasynda ýaýbaňlandyrylan harby özgertmeleriň çäklerinde ýetilen sepgitleri hem-de üstünlikleri beýan etmegi öz içine alýar.

Žurnalyň nobatdaky sany ýurdumyzda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllyk baýramçylygyna bagyşlanan giňişleýin makaladan başlanýar. Onda halkymyzyň mähriban topragy goran gahrymanlaryna hemişe uly hormat bilen garandygy, watançy esgerleriň Beýik Ýeňşe mynasyp goşant goşandygy barada habar berilýär.

Urşuň turandygy baradaky aýylganç habaryň eşidilmegi bilen, watandaşlarymyzyň müňlerçesi meýletinlik bilen fronta gitdiler. Olar beýleki halklaryň wekilleri bilen egin-egne berip, özüni gaýgyrman, tutuş adamzadyň erkinligi ugrunda gaýduwsyzlyk bilen göreşdiler.

Baýramçylygyň öňüsyrasynda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda uruş weteranlaryny, tylda zähmet çekenleri we wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryny hormatlamak dabarasy geçirildi. Döwlet Baştutanymyzyň Permanyna laýyklykda, olara «1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy» ýubileý medallary we ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Köpöwüşginli bezegli makalada Aşgabatdaky «Halk hakydasy» ýadygärlik toplumynyň öňündäki meýdançada 9-njy maý güni milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Beýik Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli dabaraly harby ýörişiň geçirilendigi barada aýdylýar.

Dabaralaryň barşynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň dowamynda söweş meýdanlarynda hereket eden harby tehnikalar görkezildi. Şeýle hem Milli Goşunyň şol döwrüň esgerleriniň we serkerdeleriniň lybaslaryny geýnen harby gullukçylaryň ýörişleri guraldy.

Baýramçylyk günlerinde hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewiň söweşen 206-njy atyjylyk diwiziýasynyň 748-nji atyjylyk polkunyň Söweşjeň baýdagynyň paýtagtymyza getirilmegi aýratyn ähmiýetli waka öwrüldi.

Şeýle hem harby-watançylyk žurnalynyň nobatdaky sanynyň 1-nji sahypasyna milli Liderimiziň «Durnalar» aýdymy barada ýatlama» goşgusynyň golýazma görnüşi we döwlet Baştutanymyzyň agtygy Ogulbäbek Berdimuhamedowanyň çeken suraty ýerleşdirildi.

Bu eserler 24-nji iýunda giň jemgyýetçilige ýetirildi. Şol gün ýurdumyzyň wekiliýeti Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaraly harby ýörişe gatnaşdy.

Žurnalyň makalalarynyň hatarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji ýöriteleşdirilen harby mekdebine barandygy baradaky makala bar. Milli Liderimiz okuw mekdebine özüniň atasy, edermen esger we zehinli mugallym Berdimuhamet Annaýewe degişli gulluk resminamalaryny gowşurdy.

Makalada Watan goragçylarynyň täze nesillerini terbiýeläp ýetişdirmek hakynda gürrüň berilýär. Bu wakalar harby mekdepde bilim alýanlar üçin ýatdan çykmajak pursatlara öwrüldi.

Giň dünýägaraýyşly, ýokary hünärli serkerdeler bolmak bilen, olar şöhratly pederlerimiziň watansöýüjilik däplerini mynasyp dowam ederler hem-de Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň goranyş ukybynyň berkidilmegine mynasyp goşant goşarlar.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri baradaky maglumat žurnalda möhüm orun eýeleýär. Onda türkmen halkynyň asyrlar aşyp gelýän parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleri yzarlanýar. Olar Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň Baş Kanunynda orun aldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýigrimi sekiz ýyl mundan ozal Konstitusiýamyzyň kabul edilmegi hem-de Döwlet baýdagynyň döredilmegi bilen, Garaşsyz Watanymyzyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet gurluşynyň, onuň syýasy, durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik medeni ösüşiniň binýady goýuldy.

Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde we beýleki goşun düzümlerinde 2020-nji ýylyň ýazky çagyryş möwsüminiň geçirilişi baradaky makala žurnalyň sahypalaryny dowam edýär. Onda raýatlary harby gulluga çagyrmagyň tertibine girizilen täzeçil ýörelgeler beýan edilýär.

Žurnalyň merkezi sahypasynda Türkmenistanyň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlygy hakyndaky maglumatlar, milli Liderimiziň başlangyjy boýunça «Saglyk» Döwlet maksatnamasyny ýerine ýetirmekde gazanylýan üstünlikler barada gürrüň berýän habarlar ýerleşdirildi.

Ömrüni Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde terbiýeçilik işlerine bagyşlan, 25 ýyllyk iş tejribesi bolan serkerde bilen bolan söhbetdeşlik žurnalda möhüm orun eýeleýär. Harby gullukçy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, esgerlerde watansöýüjilik, borja wepalylyk duýgusyny ösdürmegiň wajypdygyny nygtaýar. Olar mähriban halkymyzyň parahat we rowaç durmuşynyň kepilidir. Ýaşuly serkerde Watan goragçylarynyň ýaş nesilleri bilen hünär babatda-da tejribe alyşýar.

Şeýle hem žurnalda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ulag ulgamynyň ösdürilmegine we bu ugurdaky kanunçylygyň kämilleşdirilmegine gönükdirilen ylmy makalalar bar.

Harby-taryhy mowzukdaky makalalar okyjylar köpçüligine hödürlenilýär. Şolaryň birinde ahalteke bedewiniň şekillendiriş sungatyndaky keşbi barada gürrüň berilýär. Beýlekisinde bolsa, türkmen topragynyň gaýduwsyz goragçysy Guly Serdaryň durmuş ýoly bilen tanyşdyrylýar.

Şeýle hem žurnalda belli türkmen şahyrlarynyň Beýik Watançylyk urşuna bagyşlanan goşgulary, sagdyn durmuş ýörelgeleri barada maslahatlar, dünýäniň harby tehnologiýasyna degişli möhüm täzelikler we beýleki maglumatlar çap edilýär.

Ýokary hilli fotosuratlar, degişli maglumatlar žurnalyň häsiýetli aýratynlygydyr. Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Milli Goşunyň goranyş ukybyny pugtalandyrmak hakynda gürrüň berýän many-mazmunly makalalar sazlaşykly utgaşdyrylýar.

Giň okyjylar köpçüligine niýetlenen «Milli goşun» žurnaly türkmen dilinde çärýekde bir gezek neşir edilýär.