Düýn – 22-nji
ýanwarda Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Goranmak
ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän harby bölüminiň harby
gullukçylar niýetlenen täze, döwrebap binalary açylyp ulanylmaga berildi. Harby
gullukçylary buýsandyran bu dabaraly çärä serkerdeler, çagyryş boýunça harby
gullukçylar, harby okuwçylar hem-de harby aýdym-saz toparlary gatnaşdylar.
Dabaranyň
geçirilýän ýerinde ak öýleriň gurnalyp, onuň töwereginde bagşy-sazandalaryň
dutar-gyjak ýaly milli saz gurallarymyzda aýdym-sazlary ýerine ýetirmekleri
wakanyň ähmiýetini artdyrdy. Bagtyýar çagalaryň türkmen alabaý itleri bilen
oýnaýan pursatlaryny synlanyňda, halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň
mynasyp dowam etdirilýändigini görmek bolýar.
Täze lukmançylyk nokadynyň binasynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerine esaslanýan häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylandyr. Bu bolsa harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň saglygyny bejertmeklerine, asuda Watanymyzyň goragçylarynyň öz saglygyny yzygiderli berkitmeklerine mümkinçilik döreder.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe açylan täze lukmançylyk nokady harby gullukçylaryň mukaddes borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.