Şu günler
paýtagtymyzda geçirilýän hokkeý boýunça halkara ýaryş döwletimiziň hem-de
dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekýär. Bagtyýar ildeşlerimiz,
hususan-da, merdana Watan goragçylarymyz bu ýaryşda Türkmenistanyň Içeri işler
ministrliginiň «Galkan» hokkeý toparyna uly ynam bildirýär.
Bu gün «А»
toparçada 10:00-da ýurdumyza wekilçilik edýän topar Oman Soltanlygynyň «Oman
Nationals» hokkeý toparynyň wekilleri bilen duşuşdylar. Bu duşuşykda ilkinji
bolup, oýun meýdançasyna ýurdumyzyň hokkeý topary çagyryldy. Bellesek,
«Galkanyň» kapitany Ahmet Gurbanow, derwezebany Rahman Myradow, Keremli
Çaryýewdir. Oýnuň dowamynda watandaşlarymyzy begendirip, bu iri halkara ýaryşyň
ikinji gününde ýeňiş gazanmakda Döwrangeldi Baýjaýew, Gurbanmyrat Taňňyýew,
Arslan Geldimyradow, Baýmyrat Baýmyradow, Begenç Döwletmyradow, Erkin
Kakabaýew, Nowruz Baýhanow, Öwezguly Esenow dagy aýratyn ussatlyk görkezip,
garşydaşyň derwezesinden gol geçirmegi başardylar.
Bu günki duşuşygyň
netijeleri «Galkan» hokkeý toparymyzyň şeýle üstünligi bilen tamamlandy:
«Galkan»
(Türkmenistan) – «Oman Nationals» (Oman) – 15:1
1-nji
döw – 4:0
2-nji
döw – 5:0
3-nji
döw – 15:1
Mähriban
halkymyzyň, gaýratly ýurt goragçylarymyzyň buýsanjyny artdyryp, indiki
duşuşyklarda hem üstünlik hemraňyz bolsun, «Galkan» topary!