milli goshun logo
Watan goragçylaryň maşgalalary üçin Täze ýyl dabaralary
Watan goragçylaryň maşgalalary üçin Täze ýyl dabaralary
29.12.2019 1887 Harby özgertmeler

Täze – 2019-njy ýylyň bosagasynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň foýesinde harby gullukçylar we olaryň maşgalalary üçin dabaraly konsert geçirildi. Onda «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň zehinli harby gullukçylary we ýurdumyzyň  zehinli sungat ussatlary çykyş etdiler.

Bu çäre milli goşunumyzda asylly däbe öwrülen dabaralaryň biri bolup durýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallalary netijesinde Türkmenistanda Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylary we olaryň maşgalalary üçin iň gowy gulluk we durmuş şertleri döredilýär, dürli döwlet ýeňillikleri göz öňünde tutulýar.

Bu gezekki baýramçylyk dabarasyna birnäçe watandaşlarymyz – Watan goragçylarynyň maşgalalarydyr çagalary gatnaşdylar. Olar uly lezzet bilen Täze ýyl arçasynyň daşyndan aýlandylar we sungat işgärleriniň gülküli çykyşlaryna şadyýanlyk bilen tomaşa etdiler.

Merkezi serkerdeler öýünde geçirilen Täze ýyl dabarasy hakykatdan-da ýatdan çykmajak täsirlere beslendi. Bu dabara diňe bir çagajyklary däl, eýsem ululary hem begendirdi.

«Milli goşun».