milli goshun logo
Watan goragçylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady
Watan goragçylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady
24.01.2025 189 Habarlar | Harby özgertmeler

Şu gün – 24-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň güni mynasybetli Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň täze desgalar toplumy we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalary dabaraly ýagdaýda açylyp ulanylmaga berildi. Açylyş dabarasyna serkerdeler  hem-de çagyryş boýunça harby gullukçylar gatnaşdylar. 

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Watan goragçylarynyň gününe uly ruhubelentlik bilen barylýan günlerde Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby bölüminiň täze desgalar toplumynyň we ýaşaýyş-durmuş maksatly binalarynyň açylmagy merdana Watan goragçylary üçin ajaýyp baýramçylyk sowgady boldy. Bu bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän harby özgertmeleriň nobatdaky ajaýyp miwesidir.

Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň harby gullukçylarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary baýramçylyk şatlygyny goşalandyrdy.