milli goshun logo
Watan gerçekleriniň hormatyny belende göteren dabara
Watan gerçekleriniň hormatyny belende göteren dabara
08.05.2024 236 Habarlar

Düýn Aşgabat şäher häkimliginiň «Mekan» köşgünde 1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, uruşda wepat bolan esgerleriň ýanýoldaşlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Oňa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, uruş weteranlary, il sylagly ýaşulular, talyp ýaşlar, şolar bilen bir hatarda köp sanly harby talyplar gatnaşdylar.

Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 79 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäräniň öňüsyrasynda oňa gatnaşyjylar bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Çäräniň barşynda gazaply uruş ýyllarynda ýan bermedik, agyr külpetleri başyndan geçirip, beýik Ýeňşi gazanan merdana ogul-gyzlaryň gahrymançylygy, häzirki bagtyýar we abadan durmuşymyzyň gadyr-gymmaty barada çykyşlar edildi. Bellenilişi ýaly, halkymyzyň edermen ogul-gyzlary, beýleki doganlyk halklar bilen bilelikde, urşuň agyr synagyna döz gelip, dünýäde parahatçylyk we asudalyk, abadan durmuş ugrunda bolan söweşde belent ahlak häsiýetlerini, edermenligiň, gaýduwsyzlygyň, gahrymançylygyň nusgasyny görkezdiler. Olaryň hatarynda Gahryman Arkadagymyzyň atasy, mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýew hem bolup, onuň durmuş ýoly bu gün ýaşlar üçin hakyky watançylygyň, edermenligiň we Watanyň, halkyň öňündäki borjuňa wepalylygyň nusgasydyr.

Dabaraly çäräniň dowamynda uruş weteranlaryna hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.