Hytaý Halk Respublikasynyň Wuhan şäherinde
geçirilýän VII Bütindünýä harby oýunlarynyň türgenler şäherçesinde
Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň galdyrylyşynyň dabaraly çäresi geçirildi. Bilelikdäki
geçirilen çärä ýurdumyzyň wekiliýetiniň ähli düzümi we beýleki döwletleriň
harby türgenleri gatnaşdylar. Ähli ýurtlaryň baýdaklary birwagtlaýyn Halkara
harby sport Geňeşiniň senasynyň astynda galdyryldy.
Şu gün Aşgabat wagty bilen sagat 17:00-da VII
Bütindünýä harby oýunlarynyň açylyş dabarasy geçiriler. Oýunlara gatnaşmak üçin
Wuhan şäherine 100-den gowrak ýurtdan 10 müňe golaý harby gullukçylar geldi.
Biziň dzýudo sport görnüşinde çykyş edýän harby türgenlerimiz
M.Gurbanow (73 kg) we G.Begaliýew (90 kg) oýunlarda ýurdumyzyň wekilleri
hökmünde 19–20-nji oktýabrda çykyş ederler. Erkin göreş boýunça pälwanlarymyz
G.Hemraýew (73 kg) we S.Belliýew (125 kg) bolsa 21–22-nji oktýabrda
tutluşarlar.
Biz hem bu ýaryşlarda harby türgenlerimize uly
üstünlikleri arzuw edýäris we olaryň ýokary netijeleri görkezjekdiklerine
ynanýarys!
«Milli goşun».