Görkezme söweş atyşykly harby
türgenleşigiň dowamlylygynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň
merdana harby gullukçylary harby taýýarlygyň ýokary derejesini görkezip, öňde
goýlan wezipeleriň ählisini üstünlikli ýerine ýetirdiler.
Olaryň şeýle ussatlyklarynyň
özeninde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň kämillik mekdebi
hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber tagallalary bar. Ýurdumyzyň
Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy, goşun generaly Serdar
Berdimuhamedowyň: «Biziň goranyş häsiýetli doktrinany berjaý edýän milli
Ýaragly Güýçlerimize döwletimiziň Garaşsyzlygyny we Bitaraplygyny goramakda,
durnuklylygyny üpjün etmekde uly orun degişlidir» diýen sözlerinden ruhlanyp geçirilen harby
okuw-türgenleşigi Watan goragçylarymyzyň bildirilýän ynama wepaly
boljakdyklaryny, Watanymyzyň asudalygyny goramakda jan aýaman gulluk etjekdiklerini
ýene bir ýola subut etdi.