Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby
institutynyň sport desgalary giň gerimli sport ýaryşlarynyň geçirilýän
merkezine öwrüldi. Harby talyplar we harby gullukçylar şeýle çäreler bilen öz
hünär baýramçylygyny – Watan goragçylarynyň gününi garşylaýarlar.
Şanly senäniň
bosagasynda bu ýerde sportuň futbol, woleýbol, stol tennisi, ýeňil atletika
ýaly birnäçe görnüşleri boýunça ýaryşlar geçirilýär. Saglygyňy berkidýän şeýle
bäsleşikler ýetip gelýän baýramçylygyň ruhy bilen doly kybapdaş gelmelidir.
Çünki Watan goragçylary – beden taýdan kämilleşen, gije-gündiz Asmanymyzyň
asudalygyny, Zeminimiziň parahatlygyny goraýan merdana gerçeklerdir.
«Milli goşun».