Türkmenistanyň çäk babatda amatly ýerleşmegi ýurdumyzyň Ýewraziýanyň möhüm üstaşyr-ulag ulgamy hökmündäki berkeýän derejesini şertlendirýär. Gazagystan — Türkmenistan — Eýran halkara demir ýolunyň, Kerki — Ymamnazar (Türkmenistan) — Akina (Owganystan) demir ýolunyň, Amyderýanyň üstünden geçýän demir ýol we awtoulag köprüleriniň, Aşgabatda, Türkmenbaşyda, Türkmenabatda hem-de beýleki şäherlerde iň döwrebap howa menzilleriniň gurlup, ulanylmaga berlendigini göz öňünde tutanyňda, biziň ýurdumyzyň bu ulgamdaky kuwwaty äşgär görünýär.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, logistikany ösdürmekde Hazarýaka sebitine aýratyn orun degişlidir. Möhüm strategik ähmiýete eýe bolan Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň binýadynda ulaglaryň ähli görnüşleri arkaly ýük daşamagy utgaşdyrýan esasy multimodal merkez döredildi. Sebäbi daşalýan ýükleriň ählisiniň ýarysy üstaşyr ýük daşalyşyna degişlidir.
Hormatly Prezidentimiziň dünýä bileleşiginde giň goldawa eýe bolan düýpli başlangyçlary ulag ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilendir. Muňa BMG-niň Baş Assambleýasynyň kabul eden degişli Kararnamalary şaýatlyk edýär.
Türkmenistanda döredilýän döwrebap logistika ulgamy tutuş Ýewraziýa yklymynda döwletara gatnaşyklary netijeli ösdürmäge ýardam edýär. Ýurdumyzda eýýäm dürli serişdeleri daşamagyň iň çylşyrymly usullary amala aşyrylýar.