Şenbe güni – 16-njy noýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» myhmanhanasynda Türki medeniýetiň halkara guramasyna (TÜRKSOÝ) agza döwletleriň medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşiniň 41-nji mejlisi geçirildi.
Ýygnananlar medeni-ynsanperwer dialogy işjeňleşdirmegiň möhümdigini nygtap, bildirilen myhmansöýerlik we bu möhüm çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirdiler.
Mejlisiň dowamynda guramanyň türki dilli halklaryň ruhy gymmatlyklaryny, taryhy-medeni mirasyny halkara derejede öwrenmäge, wagyz etmäge hem-de gorap saklamaga gönükdirilen işiniň ileri tutulýan ugurlarynda bilelikdäki tagallalary işjeňleşdirmek boýunça anyk çözgütler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de kabul edildi. Medeniýet ministrleriniň hemişelik geňeşi agza döwletlerden gelip gowşan maslahatlara we tekliplere garady hem-de olary nazara almak bilen, geljek 2025-nji ýyl üçin TÜRKSOÝ-nyň işiniň maksatnamasyny tassyklady.