Düýn – 14-nji noýabrda paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel – 2024» atly XVII halkara sergisi we ylmy maslahat öz işine başlady.
Söwda-senagat edarasynyň öňündäki meýdançada ýerine ýetirilen aýdym-sazlar çärä baýramçylyk öwüşginini çaýdy. Ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň halkara sergä we ylmy maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler.
Giň gerimli sergide aragatnaşyk, telekommunikasiýa pudagynda uzak möhletleýin geljege gönükdirilen döwlet maksatnamalaryny hem-de taslamalary üstünlikli durmuşa geçirýän ýurdumyzyň aragatnaşyk düzümleri we olaryň daşary ýurtly hyzmatdaşlary öz diwarlyklaryny ýaýbaňlandyrdylar. Bu kompaniýalar sanly ykdysadyýet, kiberhowpsuzlyk, telekommunikasiýa, maglumat we kompýuter tilsimatlary, hemra aragatnaşyk ulgamynyň enjamlary, aragatnaşyk ulgamynda gazanylanlar bilen tanyşdyrdy.
Maslahatyň çäklerinde maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny ösdürmegiň täze meýilleri barada pikir alşyldy.