Horezmşa Tekeşiň (hökümdarlyk ýyllary 1172-1200ý.) doglan
wagty hakda taryhy çeşmeler bize hiç zady habar bermeýär. Biz diňe onuň kakasy
Il Arslanyň 1117-1118-nji ýyllarda doglandygyny, 17-18 ýaşlarynda öýlenendigini
hasaba alyp, Tekeşiň 1135-1136-njy ýyllarda doglandygyny çaklaýarys. Eger şeýle
bolsa, Tekeş 37-38 ýaşynda Horezmşalar şadöwletiniň tagtyna geçen bolýar. Tekeşiň
adyna Buharada hutba okalyp, pul zikgelenipdir.
Tekeş ökde diplomat bolupdyr. Soltanyň şahsy kätibi
Muhammet Bagdadynyň «At-tawassul ila-t-tarrasul» («Işjeň hat alyş-çalşygy
barada gözlegler») işi türkmen diplomatiýasynyň taryhy boýunça gymmatly
çeşmedir. Soltan Tekeş Abbasy halyfynyň Yrak seljuklarynyň mirasyna doly eýe
çykmak baradaky talabyna garşy çykypdyr. Alp Garanyň baştutanlygyndaky gypjak
taýpalaryny öz gullugyna çekmegi başarypdyr. Gypjaklar bilen ýaranlygyny
berkitmek üçin gypjak hany Jankişiniň gyzy Türkan hatyna öýlenipdir (ol baýat
taýpasyndandyr – J.G.). Türkan hatyn ýany bilen Horezme uran, garlyk, ugrak,
halaç ýaly türki taýpalary göçürip getiripdir. Guruň soltany Gyýaseddin al-Gury
bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga çalşypdyr. Birek-birege ýazan hatlarynda
olar «dogan» («byradar») diýip ýüzlenipdirler. Nusaýyň emiri Ymadeddin Muhammet
hem Tekeşi zerur wagtynda goldap durupdyr. Häzirbegjandaky Ildeňizli atabegi Muhammet
Jahan Pälwan (1175–1186) Tekeş bilen dostlukly gatnaşyklary saklan goňşy
hökümdarlaryň biri bolupdyr. Tekeşiň diwanynyň başlygy Bahaeddin Muhammet
al-Bagdady tarapyndan Horezmşanyň oňa ýazan dört haty saklanyp galypdyr.
Dostluga, hoşniýetlilige ýugrulan bu hatlaryň mazmunyndan görnüşine görä, Tekeşiň
Ildeňizli atabegligi bilen dostlukly gatnaşyklary saklamaga çalşandygy görünýär.
Ol atabege «beýik mertebeli doganym» («byradary humaýun») diýip ýüzlenipdir. Atabegiň
ýollan Salaheddin atly ilçisi uzak wagtlap Horezmde bolupdyr.
Tekeş Jahan Pälwanyň ogly atabeg Gyzyl Arslan (1186–1191)
bilen hem dostlukly gatnaşykda bolupdyr. Horezmşa Tekeş 1182-nji ýylyň 23-nji
awgustynda Häzirbegjandaky Şirwanşalar döwletiniň baştutany Menuçehre ilçi
ýollapdyr.
Tekeş käbir garşydaşlaryna garşy göreşmek üçin özüniň
öňki duşmanlaryny hem wagtlaýyn ýaranlyga çekmegi başarypdyr. Haçanda Gur
soltany Gyýaseddin Bagdat halyfynyň islegi boýunça Tekeşiň garşysyna Horasana
ýörişe taýýarlyk görende, Tekeş garahytaýlara kömek sorap ýüz tutupdyr. Taýankunyň
serkerdeligindäki garahytaý goşuny 1198-nji ýylda Amyderýadan geçip, oňa kömege
gelipdir.
Tekeş ajaýyp serkerde bolupdyr. Döwrüniň syýasy
ýagdaýlaryndan oňat baş çykaran Tekeş Mawerannahry we Yragy-Ajamy döwletiniň
çäklerine birikdiripdir. Tekeşiň döwründe goşun başda kaňly-gypjaklar bilen
birlikde halaç, garlyk, uran, ugrak ýaly taýpalardan ybaratdy. Orta asyr awtory
Rawendiniň maglumatyna görä, soltan Tekeşiň köşgündäki 1195-nji ýyla degişli
goşun depderlerinde takmynan 170 müň adam hasaba alnypdyr. Erbil atabegi
Muzaffareddin Gökböriniň ilçisi Horezmden yzyna dolananda öz hökümdaryna Horezmşanyň
ygtyýarynda 350 müň esgerli goşunyň bardygyny habar beripdir.
Orta asyr awtorlarynyň habar bermegine görä, Tekeş öz
raýatlaryna adalatly çemeleşen soltan bolupdyr. Ol örän ýiti akyllylygy bilen
tapawutlanypdyr. Aýtmaklaryna görä, Tekeş saza aýratyn sarpa goýupdyr. Hiç kim ud
saz guralynda onuň ýaly ajaýyp sazlary çalmandyr. Taryhçy Sybt ibn Jöwzi
Gyzoglynyň ýazmagyna görä, ysmaýylylar Horezmşany öldürmäge öz jansyzlaryny
iberende, soltan udda saz çalyp: «Men seni tanadym, öz janyňy halas et we gaç!»
diýen beýdi aýdyp oturan eken. Muny eşiden jansyz derrew gaçypdyr. Emma ele
düşüp, Horezmşa tarapyndan jezalandyrylypdyr.
Tekeşiň köşgi alymlaryň jemlenen ýeri bolupdyr. Taryhçy
Ibn Esir ol hakda: «Ol juda bilimli we ylmyň dürli pudaklaryndan oňat baş
çykarýan hökümdar bolupdyr. Adalatlylygy, adamkärçiligi we alyp baran
haýyr-yhsan işleri bilen öz raýatlarynyň arasynda uly abraýdan we hormatdan
peýdalanypdyr» diýip ýazypdyr. Tekeşiň kakasyna, atasyna gulluk eden Watwat onuň
hem arzyly kätibi eken. Watwatdan soň Tekeşiň köşk diwanynyň baştutany Bahaeddin
Muhammet al-Bagdady bolupdyr. Onuň «At-tawassul ala-t-tarassul» («Resmi hatlary
ýazmaklyga ýetmeklik») atly ýygyndysy Tekeşiň alyp baran diplomatik işjeňligini
görkezýär.
Şahyrlar Ymady Zowzany, Zahyreddin Tahyr ibn-Muhammet al-Farýaby,
Kemaleddin Ysmaýyl (1172-1237) soltan Tekeşiň şanyna kasydalar ýazypdyrlar. Horezmşalar
döwletiniň abraýly medreselerinde okatjak müderrisler — mugallymlar hut
soltanlaryň özüniň teklip etmegi boýunça bellenipdir. Meselem, soltan Tekeş köşkde
uly ynamdan peýdalanan ymam Bedreddini uly welaýatlaryň birine müderrislige iberilipdir.
Soltan Tekeşiň we soňra onuň ogly Muhammet şanyň
hemaýatynda işlän Fahreddin Razy 1179-njy ýylda tamamlan ynsanperwer, tebigy,
tehniki, ylahyýet we beýleki ylymlaryň 57 ugruny öz içine alýan «Jawami al-ulum»
(«Ylymlaryň ýygyndysy») atly ensiklopediýasyny horezmşa Tekeşe bagyşlapdyr. Fahreddin
Razynyň lukmançylyk ylmy bilen baglanyşykly ençeme kitaplarynyň bardygyny öňde
ýatlapdyk.
Köneürgençde Kyrkmolla depesiniň günorta-günbatarynda
Soltan Tekeşiň ady bilen baglanyşdyrylýan ymarat ýerleşýär. Ol Il Arslanyň
ýadygärliginden soňra gadymy Gürgenjiň mongollar gelmezinden öňki
binagärçiliginden abat saklanyp galan ikinji bir ajaýyp ýadygärlik hasaplanýar.
Gözelligi babatda oňa Merkezi Aziýada ýeke-täk, gaýtalanmaýan (unikal) ymarat
diýmek bolar.
Jumamyrat GURBANGELDIÝEW.