Türkmenistanyň
Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň 3-nji
iýulda geçirilen giňişleýin mejlisinde Buýruga gol çekip, Türkmenistanyň ýokary
okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine welaýatlar we Aşgabat
şäheri boýunça 2020-nji ýylda okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny tassyklady.
Resminama
laýyklykda, ýurdumyzyň ýokary we ýörite orta hünär okuw mekdeplerine kabul
etmegi şu ýylyň 6-njy iýulyndan 15-nji awgusty aralygynda guramak hem-de giriş
synaglaryny okuw mekdepleriniň ýerleşýän ýerlerinde geçirmek tabşyryldy.
Täze okuw
ýylynda ýokary okuw mekdeplerine 14 müň 337 talyp kabul ediler, bu bolsa geçen
ýyldakydan 2 müň 95 adam köpdür. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 9 müň 490
okuwçy kabul ediler.
Türkmenistanyň
ýokary okuw mekdeplerine hem-de orta hünär okuw mekdeplerine 6-njy iýulda
badalga alan resminamalary kabul etmek meselesine gaýdyp gelmek bilen, giriş
synaglaryny 22-nji iýul — 11-nji awgust aralygynda geçirmegiň tabşyrylandygyny
bellemek gerek.
Mugallymçylyk,
lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalary
kabul etmek 6 — 19-njy iýul aýralygynda, giriş synaglary bolsa, 22 — 29-njy
iýul aralygynda guralar. Şunda maliýe-ykdysady ugurlar boýunça orta hünär okuw
mekdeplerine hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine
resminamalar 8-nji awgusta çenli kabul ediler hem-de giriş synaglary 11 —
15-nji awgust aralygynda geçiriler.