milli goshun logo
Türkmenistanyň wekilleri Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň wekilleri Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar
07.09.2020 589 Habarlar

Türkmenistanyň HHR-daky ilçisi Parahat Durdyýew bilen söwda wekili Ş. Batyrow Hytaýyň hyzmatlar söwdasy -2020 halkara ýarmarkasynyň (CIFTIS-2020) meýdançasynda geçirilen Hyzmatdaşlyk we syýahatçylygy ösdürmek boýunça bütindünýä maslahatyna gatnaşdylar. Foruma gatnaşmaga çakylyk syýahatçylyk şäherleriniň Bütindünýä federasiýasyndan (WTCF) gelip gowuşdy, Aşgabat şu ýylyň maý aýynda bu gurama agza boldy.

4-nji sentýabrdan 9-njy sentýabr aralygynda adaty we onlaýn görnüşde şu ýyl ilkinji gezek geçirilýän CIFTIS-2020 iri ýarmarkanyň çäklerinde Hytaýyň hem-de daşary ýurtly kärhanalardyr edaralaryň 18 müňüsiniň hem-de 100 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda dürli çäreler guraldy. 200 müň inedördül meýdançada tematiki bölümleriň 8-sinden ybarat sergi geçirilýär.

Maslahatyň çäklerinde guralan duşuşyklarda hyzmatlar söwdasyny ösdürmegiň, sanly ykdysadyýetiň ugurlary, syýahatçylyk ulgamynda maýa goýum syýasaty we hyzmatdaşlyk ara alnyp maslahatlaşylýar. Şeýle hem pudaklaýyn maslahatlar geçirilýär. COVID-19 pandemiýasy sebäpli ara alnyp maslahatlaşylýan wajyp temalaryň biri – onlaýn-meýdançalarynda söwda geçmeklige ýardam etmek boldy.