milli goshun logo
Türkmenistanyň wekiliýeti «KazanForum 2023» forumyň çärelerine gatnaşýar
Türkmenistanyň wekiliýeti «KazanForum 2023» forumyň çärelerine gatnaşýar
19.05.2023 592 Habarlar

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Tatarstanyň paýtagtynda «KazanForum 2023» halkara ykdysady forumyň ilkinji çäreleri öz işine başlady. 

Forumyň çäklerinde «Demirgazyk-Günorta» halkara ulag geçelgesiniň ösdürilmegi barada» atly sessiýanyň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew çykyş etdi. 

Forumyň gün tertibine şeýle-de «Russiýa bilen Türkmenistanyň arasynda senagat, ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin infrastruktura şertleri» atly aýratyn sessiýa girizildi, onuň dowamynda bu ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Foruma gatnaşýan myhmanlar «Russia Halal Expo» atly halkara sergisiniň açylyş dabarasyna gatnaşdylar. Onda Türkmenistanda öndürilýän önümler bilen tanyşdyryldy.

Şol günüň özünde Gubernator köşgünde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýewiň Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary M.Husnullin hem-de RF-niň Tatarstan Respublikasynyň Baştutany R.Minnihanow bilen duşuşyklary geçirildi.

Şeýle hem forumyň çäklerinde M.Çakyýewiň «Kamaz» kompaniýasynyň baş direktory S.Kogogin bilen ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirildi, olaryň dowamynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşyldy.