01.12.2020 Русский язык Türkmen dili
Milli goşun
Türkmenistan - Rowaçlygyň Watany
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
Türkmenistanyň we Owganystanyň Prezidentleriniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
01.08.2020 137 Habarlar

31-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Ganiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Dostlukly döwletleriň Baştutanlary mähirli salamlaşyp, mukaddes Gurban baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de belent ruhy gymmatlyklaryň, ynsanperwerligiň, hoşniýetliligiň we sahawatlylygyň dabaralanýandygyny alamatlandyrýan bu ajaýyp baýramyň mundan beýläk hem tutuş musulman ymmatynda agzybirligi hem-de raýdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.

Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda sebit we ählumumy gün tertibiniň wajyp meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da, koronawirus pandemiýasy meselesine deglip geçildi. Bu kesel örän giň çäkleri gurşap alyp, köp döwletleriň we halklaryň durmuşyna oňaýsyz täsir edýär.