23-nji ýanwarda paýtagtymyzda, Söwda-senagat
edarasynda Türkmenistanyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň işewürler
toparlarynyň duşuşygy geçirildi. «Tegelek stol» görnüşinde guralan duşuşygyň barşynda
özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň meseleleri ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika
ministrliginiň Daşary ykdysady syýasaty departamentiniň başlygynyň orunbasary
doktor Andreas Nikoliniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli toparyň agzalary
ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
hünärmenleri bilen dürli taslamalary amala aşyrmakda bilelikde iş alyp barmagyň
möhüm ugurlaryna garadylar.
«Tegelek stoluň» başyndaky duşuşygyň ahyrynda
ýurdumyzyň dürli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
wekilleri bilen gurluşyk serişdeleri, azyk senagaty üçin enjamlar, oba hojalygy
ulgamynda maşyn gurluşygy, turba we sorujy tehnologiýalary, elektrotehnika,
senagat aragatnaşygy we howpsuzlyk ulgamlarynda işleýän nemes kompaniýalarynyň
wekilleriniň birnäçesi bilen duşuşyklar geçirildi.
Duşuşyklaryň barşynda diňe öz Watanynda däl,
eýsem, Germaniýanyň çäginden daşda hem meşhur bolan «Anton Ohlert GmbH
&Сo», «Basalt AG», «SIСK», «Stäubli Bayreuth GmbH», «Teхtima Eхport Import
GmbH», «MTS Mangal Transport & Shipping», «ZAB Zementanlagenbau GmbH»,
«LEISTRITZ Eхtrusions GmbH», «WILO SE», «Edison Teсhnologies GmbH», «Firma
Gregori Weiser» hem-de beýleki birnäçe nemes kompaniýalarynyň wekilleri öz
tekliplerini beýan etdiler.
Ýurdumyzyň we GFR-iň işewür toparlarynyň duşuşygynyň çäklerinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy bilen «СOMMIT PROJECT PARTNERS GmbH» (GFR) kompaniýasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekildi.