14-nji ýanwarda «Türkmenistan we halkara guramalary: parahatçylygyň we ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly haklara maslahatynda Türkmenistanyň dürli ministrlikleriniň we Birleşen Milletler Guramasynyň agentlikleriniň arasynda 2020-nji ýyl üçin 12 sany Hereketleriň meýilnamalaryna gol çekildi. Bu resminamalar bilen Türkmenistanyň we BMG-niň hyzmatdaşlygynyň täze sahypasy açylýar diýip, çärä gatnaşan hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.
2020-nji ýylda kabul edilen meýilnamalara laýyklykda biziň ýurdumyz BMG bilen bilelikde çagalaryň hukuklary babatda kanunçylygy, çagalar üçin durmuş goragynyň ulgamyny kämilleşdirer, gender deňligini ilerletmek ulgamyny we usullaryny berkitmäge ýardam eder. Biziň ýaş watandaşlarymyzyň sagdyn we abadan durmuşyny üpjün etmek boýunça bilelikdäki işe aýratyn orun beriler.
Maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň beýleki abraýly halkara guramalary bilen ýer ýüzünde parahatçylygy we ynamlylygy pugtalandyrmak boýunça işjeň hyzmatdaşlyk edýändigi nygtaldy. Biziň ýurdumyz BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdirligi bilen özara gatnaşyklary saklaýar hem-de BMG-niň bosgunlar we raýatlygy bolmadyk adamlar hakyndaky konwensiýalarynyň dördüsini tassyklady. Türkmenistan 2005-nji ýyldan başlap, bosgunlaryň we raýatlygy bolmadyk adamlaryň 23 müňden gowragyna öz raýatlygyny berdi.
Maslahatda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň özboluşlylygy aýratyn bellenilip geçildi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllyk şanly senesi Birleşen Milletler Guramasynyň 75 ýyllygy bilen hem özboluşly gabat gelýär diýip nygtaldy.
Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň 12-nji sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamany kabul etdi. Biziň ýurdumyz parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek boýunça tagallalar üçin bu ýyly degişli derejede geçirmek boýunça birnäçe teklipleri işläp taýýarlaýar hem-de şolary BMG-niň garamagyna hödürlär diýip, hormatly Milli Liderimiz häzirki halkara maslahatynda habar berdi.
Türkmenistan öz üstüne alan halkara borçnamalaryna berk eýermek bilen, umumy döredijilikli maksatlara ýetmek üçin halkara guramalary bilen giň we işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny belent jogapkärçilik bilen beýan edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow halkara maslahatyň dowamynda eden çykyşynda aýtdy.
«Milli goşun».