Daşoguz
welaýatyndan «Dessan» tans topary 15-16-njy sentýabrda Hywada geçirilen «Tansyň
jadysy» atly halkara festiwalynda birinji orny eýeledi.
Türkmenistanyň
at gazanan artistleri Dursunjemal Gazakowa we Guwanç Otuzow bilen bilelikde
çykyş eden artistlerimiz küştdepdi halk tansy bilen emin agzalarynyň ýokary
bahasyna eýe boldular, bu tans ÝUNESKO-nyň maddy däl mirasynyň sanawyna
girizilendir. Netijede, ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn
asyry» bäsleşiginde ýeňiji bolan türkmen topary «Tansyň jadysy» halkara
festiwalynyň ýeňijisiniň diplomyna we pul baýragyna (ABŞ-nyň 2 müň dollary)
baýragyna mynasyp boldy.
Şeýle hem birinji orna Polşadan
gelen topar mynasyp boldy. Ikinji orny Özbegistanyň, Indoneziýanyň we
Gruziýanyň toparlary paýlaşdylar. Üçünji orna Täjigistanyň, Gazagystanyň,
Hindistanyň we Özbegistanyň wekilleri mynasyp boldular. Bäsleşigiň baş
baýragyny Azerbaýjanyň topary eýeledi.
«Iň ýaş
topar», «Halk tansyny ussat ýerine ýetiriji», «Iň ýaş tansçy», «Iň gowy
baletmeýster» we beýleki ugurlarda birinji orna mynasyp bolan tans toparlary
ýörite diplomlar bilen sylaglanyldy.
Festiwal «Içan
kala» döwlet muzeý-goraghanasynda geçirilip, ol Aziýanyň we Ýewropanyň 20
ýurdundan, şol sanda Indoneziýadan, Italiýadan, Ýaponiýadan we beýleki döwletlerden
çeper döredijilik toparlaryny ýygnady. Bu çäräniň baş maksady — halklaryň
asyrlar bäri dowam edip gelýän däplerini dikeltmek we baý medeni mirasyny
giňden beýan etmek bolup durýar.
Horezm
oblastynyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy F.Ermanow festiwalyň açylyş
dabarasynda çykyş edip, bu waka tansyň diliniň dürli halklary we medeniýetleri
birleşdirýändiginiň nobatdaky subutnamasy bolup durýar diýip belledi.
Festiwalyň çäklerinde tans sungatynyň milli däplerine bagyşlanan ylmy maslahat geçirildi. Ol Ürgenç şäherindäki Türkmen-özbek dostluk öýünde uly üstünlik bilen geçirildi. Bu binanyň açylyş dabarasy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda 2018-nji ýylyň aprel aýynda boldy.