29-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe
Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik geçirildi.
Dostluky ýurduň baştutany milli Liderimizi 63
ýaşynyň dolmagy – yslam dünýäsinde Muhammet pygamberiň ýaşy hökmünde belent
sarpa goýulýan sene bilen gutlap, berk jan saglyk, abadançylyk hem-de ýokary
döwlet wezipesinde, jogapkärli we köpugurly işlerinde üstünlikler arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz gutlaglar üçin Türkiýe
Respublikasynyň Prezidentine minnetdarlyk bildirip, oňa iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi hem-de umumy taryhy kökleri bolan, medeni däp-dessurlary we
ruhy-ahlak gymmatlyklary birleşdirýän iki ýurduň we halkyň arasyndaky
gatnaşyklaryň uzakmöhletleýin strategik häsiýete eýedigini we häzirki wagtda
has okgunly ösdürilýändigini kanagatlanma bilen aýtdy.