27-nji
ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen telefon arkaly
söhbetdeşligi geçirildi.
Söhbetdeşler iki ýurduň syýasy gatnaşyklarynyň işjeň
häsiýete eýedigini kanagatlanma bilen bellediler. Şol gatnaşyklar ikitaraplaýyn
we köptaraplaýyn derejede, ilkinji nobatda, abraýly halkara we sebit
düzümleriniň çäklerinde üstünlikli berkidilýär. Döwletara söwda-ykdysady
gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär. Köp babatda muňa Söwda-ykdysady we
ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara
toparynyň işi ýardam edýär. Medeni, ylym we bilim ulgamlarynda ýola goýlan
netijeli hyzmatdaşlyk iki döwletiň halklarynyň ýakynlaşmagynyň, olaryň
arasyndaky özara düşünişmegiň möhüm şerti bolup durýar.