17-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň
arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Russiýa
Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň 19-20-nji ýanwarda
ýurdumyza meýilleşdirilýän saparyna aýratyn ünsi çekdiler. Bu saparyň barşynda
ýokary derejedäki gepleşikleri geçirmek, resminamalaryň birnäçesine gol çekmek,
iri işewürlik maslahatyny hem-de köp sanly ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek
meýilleşdirilýär. Russiýanyň wekiliýetiniň düzümine Hökümetiň wekilleri bilen
birlikde Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň ýolbaşçylarynyň hem girjekdigi
bellärliklidir. Türkmenistan şol sebitler bilen netijeli söwda-ykdysady we
medeni-ynsanperwer gatnaşyklary ýola goýdy.