24-nji
iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik geçirildi.
Milli
Liderimiz söhbetdeşligiň resmi bölümine geçmezden ozal, özbek kärdeşini doglan
güni hem-de Muhammet Pygamberiň ýaşy — 63 ýaşynyň dolmagy bilen tüýs ýürekden
gutlady.
Taraplar
döwletara gatnaşyklarynyň ýetilen derejesine ýokary baha berip, strategiki
hyzmatdaşlyga, gadymdan bäri mizemez dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklary birleşdirýän doganlyk halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we hemmetaraplaýyn pugtalandyrylmagyna özara
ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Söhbetdeşler
däp bolan özara bähbitli hyzmatdaşlygy diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl-de,
köptaraplaýyn görnüşde — iri halkara we sebit guramalarynyň, hususan-da, şu ýyl
Özbegistan Respublikasynyň başlyklyk edýän GDA-nyň çäklerinde işjeňleşdirmek
baradaky pikiri beýan etdiler.