28-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.
Söhbetdeşler ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde ýola goýlan özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini aýdyp, “Merkezi Aziýa- Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk forumynyň işiniň netijeli häsiýetine ýokary baha berdiler.
Taraplar iki ýurduň daşary syýasat edaralaryny hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge we işjeňleşdirmäge, özara bähbitli gatnaşyklary giňeltmek meseleleriniň üstünde mundan beýläk-de işlemäge gönükdirmegiň wajypdygy barada bir pikire geldiler.
Ulag ulgamynyň binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamanyň çäklerinde häzirki wagtda Türkmenistana gelip gowşan bütin dünýäde meşhur «Hyundai» awtobuslarynyň nobatdaky uly tapgyry, ýagny, 400-si şeýle ysnyşykly gatnaşyklaryň aýdyň netijeleriniň biridir.
Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Mun Çže In Hökümetara toparlarynyň we Işewür geňeşleriniň özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmekdäki möhüm ornuny belläp, Türkmen-koreý işewür geňeşiniň golaýda geçirilen nobatdaky mejlisiniň döwletara söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de giňeltmäge hem-de çuňlaşdyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdiler.