17-nji
maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik boldy.
Döwlet
Baştutanymyz söhbetdeşligiň barşynda döwletara gatnaşyklarynyň wajyp
meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin
kanagatlanma bildirip, dostlukly ýurduň Baştutanyny doglan güni bilen gutlady
we oňa berk jan saglyk, bagtyýarlyk we abadançylyk hem-de Gazagystan
Respublikasynyň doganlyk halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet
işinde täze üstünlikleri arzuw etdi.