Düýn – 4-nji
yanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam
Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly
söhbetdeşlik boldy.
Telefon arkaly
söhbetdeşligiň dowamynda taraplar iki halkyň arasyndaky taryhy we medeni
gatnaşyklaryň gadymdan gözbaş alýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Şunuň
bilen baglylykda, doganlyk ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň soňky ýyllarda
ikitaraplaýyn görnüşde we halkara guramalaryň çäklerinde birek-birege hormat
goýmak, özara düşünişmek ýörelgeleri esasynda ösdürilýändigi, täze many-mazmun
bilen baýlaşdyrylýandygy nygtaldy.
Türkmenistan Eýran Yslam Respublikasy bilen netijeli söwda-ykdysady gatnaşyklary alyp barýar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk, ýeňil senagat, oba hojalygy, gaýtadan işleýän pudaklarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny belledi. Medeni-ynsanperwer ulgam hem türkmen-eýran hyzmatdaşlygynyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti şu agyr pursatda duýgudaşlyk bildirendigi üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza ýene-de bir gezek hoşallyk sözlerini beýan etdi.