10-njy maýda Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda
bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň
Oli Majlisiniň Namoýandagon Majlisiniň Başlygy Mahmadtoir Zokirzoda bilen
duşuşdy.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň parlamentleriniň ugry
boýunça hyzmatdaşlygyň halkara ugruna aýratyn üns çekildi. Şunuň bilen
baglylykda, dürli ulgamlarda iki döwletiň oňyn başlangyçlaryny ilerletmek üçin
türkmen we täjik parlamentarileriniň Parlamentara Birleşigiň, ÝHHG-niň we
GDA-nyň Parlamentara Assambleýalarynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň
meýdançalaryny netijeli peýdalanmaklarynyň uly mümkinçilikleriniň bardygy
bellenildi. Şeýle hem deputatlaryň, öz ýurtlarynyň bähbitlerini üpjün etmek
maksady bilen, tagallalaryny birleşdirmäge mümkinçilik berýän hyzmatdaşlygyň
täze köptaraplaýyn görnüşleriniň döredilmegi goldanylýar. Merkezi Aziýa
döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň Parlamentara forumy şeýle düzümleriň
biridir. Ol ilkinji gezek türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň
Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça geçen ýylyň maý aýynda
Aşgabatda geçirildi.
Bilelikdäki işiň şeýle görnüşleriniň türkmen we täjik
deputatlarynyň tejribelerini baýlaşdyrmakda, kanun çykaryjylyk hem-de hukuk
ulanyş iş tejribesini kämilleşdirmekde täzeçil başlangyçlary durmuşa geçirmek
üçin goşmaça mümkinçilikleri berjekdigi nygtaldy. Şol bir wagtyň özünde,
Türkmenistanyň Mejlisiniň hem-de Täjigistan Respublikasynyň Oli Majlisiniň
wekiliýetleriniň özara saparlarynyň guralmagynyň, bilelikdäki duşuşyklaryň, «tegelek
stol» we okuw maslahatlarynyň geçirilmeginiň hem iki ýurduň deputatlarynyň
arasyndaky dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine ýardam
etjekdigi bellenildi.