10-njy maýda Täjigistan Respublikasynda döwlet saparynda
bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistanyň Oli Majlisiniň
Milli Majlisiniň Başlygy Rustam Emomali bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň dowamynda gatnaşyklary pugtalandyrmak hem-de sebit hyzmatdaşlygy babatda çemeleşmeleri utgaşdyrmak daşary syýasatda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň formatynyň zerurdygy we möhüm ähmiýeti bellenildi. Ykdysady gatnaşyklary hil taýdan ösdürmek, dürli pudaklarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, giň mümkinçilikleri bolan işewür düzümleriň ugry boýunça gatnaşyklary pugtalandyrmak türkmen-täjik hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Elbetde, döwletara gatnaşyklarda medeni-ynsanperwer ulgamdaky netijeli gatnaşyklar hem wajyp orny eýeleýär.
Duşuşygyň barşynda iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda özara gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Munuň özi toplumlaýyn türkmen-täjik hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugry bolup durýar. Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda bilelikdäki tagallalar bilen bu ulgamda köp işler ýerine ýetirildi. Durnukly parlamentara gatnaşyklar ýola goýuldy, hünärmenleriň duşuşyklarynyň gurallary herekete girizildi, wekiliýetleri alyşmak işi yzygiderli amala aşyrylýar. Şunda parlament dostluk toparlary wajyp orny eýeleýär. Olaryň işi doganlyk halklaryň arasynda özara düşünişmegiň netijeli guraly bolup durýar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň
parlament hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga, bu ulgamda netijeli
pikirleri we başlangyçlary goldamaga taýýardygy tassyklanyldy. Munuň özi
döwletara hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýar we iki
doganlyk halkyň uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýär.