20-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen
gelen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam
Minnihanow bilen duşuşdy.
Söhbetdeşligiň barşynda türkmen-tatar gatnaşyklarynyň
häzirki ýagdaýy hem-de hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary barada içgin
pikir alyşmalar boldy. Türkmenistanyň Tatarystanyň iri kompaniýalary bilen
köpýyllyk özara bähbitli hyzmatdaşlygy bar bolan mümkinçilikleri netijeli
peýdalanmagyň aýdyň mysalydyr.
Döwlet Baştutanymyz we belent mertebeli myhman
söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ýokary ösüş depginlerine kanagatlanma bildirip,
Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň halklarynyň arasynda
dost-doganlygyň hem-de özara düşünişmegiň köprüsi bolup durýan
medeni-ynsanperwer ulgamda gatnaşyklaryň yzygiderli giňeldilmeginiň zerurdygyny
bellediler. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow “Russiýa — Yslam dünýäsi” strategik garaýyş toparynyň ýolbaşçysy
bolup durýan Prezident Rustam Minnihanowa Türkmenistanda geçirilýän iri
çärelere, hususan-da, Arkadag şäherinde şu gün geçirilen Ahal welaýatynyň baş
metjidiniň düýbüni tutmak çäresine gatnaşandygy üçin ýene bir gezek
minnetdarlyk bildirdi.
Taraplaryň ikisinde hem ösdürilmegine uly üns berilýän
sport ulgamynda tejribe alyşmak, däp bolan ylym we bilim ulgamlarynda
gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmek, hususan-da, bilelikdäki ylmy
barlaglary geçirmek, Tatarystanyň ýokary okuw mekdeplerinde we ylym
merkezlerinde ýokary hünärli işgärleri taýýarlamak mümkinçilikleri aýratyn ara
alnyp maslahatlaşyldy.