15-nji sentýabrda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň
Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine hormatly myhman hökmünde gatnaşmak üçin
Samarkant şäherine gelen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa
Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen duşuşdy.
Türkmen-rus hyzmatdaşlygynda söwda-ykdysady
ulgamda, şeýle-de ýangyç-energetika toplumynda hyzmatdaşlygyň oňyn depginini
bellemek gerek. Muňa türkmen tebigy gazyny Russiýa Federasiýasyna ibermek
boýunça gazanylan ylalaşyklar hem mysal bolup biler.
Dünýäde emele gelen häzirki ýagdaýlar bilen
baglylykda, ulag-kommunikasiýa pudagy hem hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup
durýar. Häzirki wagtda ulagyň, üstaşyr geçelgeleriň, logistikanyň orny
strategik ähmiýete eýedir.
Taraplaryň umumy pikirine görä, netijeli
medeni-ynsanperwer gatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlykda aýratyn orun eýeleýär.
Ylym ulgamynda köpýyllyk gatnaşyklary çuňlaşdyrmak maksady bilen, häzirki
wagtda Aşgabatda türkmen-rus uniwersitetini açmak meselesine garalýar. Medeniýet
ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça hem uly işler amala aşyrylýar.