Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň we Türkiýe
Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde hem-de iki
doganlyk halkyň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrmakda bitiren aýratyn
hyzmatlary üçin, şeýle-de iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip
gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy
giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Türkiýe Respublikasynyň
Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy»
diýen adyny dakmaly.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2024-nji ýylyň 26-njy
fewraly.