milli goshun logo
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
28.10.2023 290 Habarlar

Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda

 

Türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolan alabaý itlerini häzirki zaman ylmynyň gazananlaryny ulanmak arkaly talabalaýyk saklamakda, ýetişdirmekde, köpeltmekde we onuň şan-şöhratyny dünýä ýaýmakda, bu ugurda halk seçgiçiligini ösdürmekde, kämilleşdirmekde, milli itşynaslyk mekdebiniň iň gowy däplerini wagyz etmekde hem-de ornaşdyrmakda gazanan uly üstünlikleri üçin we köp ýyllaryň dowamynda çeken halal, yhlasly zähmetini nazara alyp, şeýle hem Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli, karar edýärin:

 

Ýurdumyzyň şu raýatlaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň at gazanan itşynasy» diýen hormatly adyny dakmaly:

 

Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Tagtabazar serhet birikmesiniň karargähiniň atçylyk we kinologiýa gullugynyň uly tehnigi-yzarlaýjy itleriň gözükdirijisi Umytjan Rozymuradowiç Nurmammedowa;

 

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Aşgabat şäher gümrükhanasynyň «Aşgabat» gümrük nokadynyň müdiriniň orunbasary, hususy itşynas Gurbannazar Gurbannazarowiç Ezizowa.

 

   Türkmenistanyň Prezidenti

                                                                                            Serdar BERDIMUHAMEDOW.

Aşgabat şäheri, 2023-nji ýylyň 27-nji oktýabry.