Ýurdumyzyň ilatynyň Täze ýyly
dabaraly belläp geçmegi we oňat dynç almagy üçin oňaýly şertleri döretmek
maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasynyň
2-nji bölegine laýyklykda, karar edýärin:
1. 2023-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndaky
dynç gününi 2-nji ýanwara — duşenbe gününe geçirmeli.
2. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini,
eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralar, kärhanalar we guramalar üpjün
etmeli.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar
BERDIMUHAMEDOW.
Aşgabat şäheri, 2022-nji
ýylyň 29-njy dekabry.